Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen resmi däl duşuşyk geçirdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Gazagystanyň döwlet Baştutany ýokary derejeli myhmany mübärekläp, onuň Gazagystanyň ruhy paýtagty, ähli türk halklary üçin mukaddes ähmiýete eýe bolan Türküstan şäherine eden sapary üçin minnetdarlyk bildirdi.
— Döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösýändigi guwandyryjy ýagdaý. Gaz pudagy bilen bir hatarda, ulag-logistika ugurlary boýunça strategiki ähmiýetli taslamalar meýilleşdirilýär. Biz bu işleri üns merkezinde saklaýarys, sebäbi onuň netijeleri ýurtlarymyzyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösdürilmegine täsir edýär — diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
Kasym-Žomart Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, bu başlangyjyň Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalanýandygybyň subutnamasydygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli garşylanylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň Türkmenistanyň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.
Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňat geljeginiň bardygyny nygtady. Şeýle-de gazak tarapyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirildi.
Duşuşykda köpugurly strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler özara söwda dolanyşygyny indiki ýyllarda 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek maksady bilen, ösüşiň täze mümkinçiliklerini tapmagyň hem-de toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Hususan-da, gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Gazagystanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, «Galkynyş» känini özleşdirmek boýunça taslama gatnaşmagy barada pikir alşyldy.
Kasym-Žomart Tokaýew Turgundy – Hyrat – Kandagar – Spin-Buldak demir ýolunyň gurluşyk taslamasynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ulag ugurlarynyň diwersifikasiýasyny üpjün etjekdigini hem-de eksport bazarlarynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigini aýtdy.
Şeýle-de Demirgazyk – Günorta ugry boýunça geçýän Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly bilen Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygynyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.