«TEIF 2025»: Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri üns merkezinde

23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy («TEIF 2025») başlanýar. Bu barada “TEIF 2025” öz saýtynda habar berýär.

Kuala-Lumpur şäherindäki «Mandarin Oriental» myhmanhanasynda «TEIF 2025-iň» gatnaşyjylarynyň hasaba alnyşy başlandy.

Myhmanhanada forumyň öňüsyrasyndaky kabul edişlik dabarasy geçiriler. Oňa döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şu gün forumyň resmi açylyş dabarasy, Kuala Lumpur «Convention Centre» merkezinde geçirilýär. «TEIF 2025-iň» çäginde strategik maslahatlaryň, maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşynyň guralmagy hem-de birnäçe ylalaşyga gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Forumda esasy üns energetika, infrastruktura we logistika ulgamlaryna berler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň hökümet wekillerini, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylaryny hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekillerini öz içine alýan ýokary derejeli wekiliýet hem bu foruma gatnaşýar.