Türkmenistan we Fransiýa ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekdiler

Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa resmi iş saparynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu barada TDH habar berdi.

Resminamalara gol çekmek iki etapda amala aşyryldy. Birinjisi, Parižde - Le Grand myhmanhanasynda türkmen-fransuz ykdysady forumynyň ahyrynda, ikinjisi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň Elis köşgünde geçirilen gepleşiklerden soň bolup geçdi.

Ykdysady forumdan soň dört sany özara düşünişmek hakyndaky memoranduma gol çekildi: olar “Türkmenaragatnaşyk“ agentligi  bilen «Airbus Defence and Space SAS»kompaniýasynyň arasynda  ; “Türkmenistanyň Oba hojalygy” ministrligi bilen “IGN FI” kompaniýasynyň arasynda ýer kadastrasy we oba hojalygynyň ekinlerine uzakdan gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyk; “Türkmenistanyň Döwlet Suw Hojalygy baradaky Döwlet Komiteti” bilen “SUEZ International” kompaniiýasynyň arasynda suw dolandyryşy boýunça hyzmatdaşlyk; “Türkmengaz” bilen “SUEZ International” kompaniýasy bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlyk barada.

Fransiýanyň prezidenti bilen geçirilen gepleşiklerden soňra bolsa şu aşakdakylara gol çekildi: Iki ýurduň hökümetleriniň arasynda durnukly şäher ösüşi ugrundaky hyzmatdaşlyk jarnamasy; Bilim pudagynda we 2025-2026-njy ýyllar üçin ýokary okuw jaýlarynyň üsti bilen hyzmatdaşlygyň ýol kartasy; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýanyň Milli tebigy taryhy muzeýiniň arasynda arheologiki gözleg işlerinde hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk; “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Thales Alenia Space France” arasynda milli telekommunikasiýa hemrasy TürkmenÄlemiň enjamlaşdyrylmagy boýunça çarçuwaly şertnama; “Türkmengaz” bilen “Kayrros SAS” arasynda özara düşünişmek  hakynda Memorandum.