2023-nji ýylyň 11-nji fewralynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda Birleşen Arap Emirliginiň “AD Ports Group” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “AD Ports Group” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde porty dolandyrmak, logistikany ösdürmek we deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de ýurdumyzyň ulag pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem kompaniýanyň taýýar gämilerini Hazar deňzine getirmek we täze gämileriň gurluşygyna maýa goýum goýmagy teklip berildi. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Konteýner terminalyny uzak möhletleýin şertlerde “AD Ports Group” kompaniýasyna Ynançly dolandyryşa bermegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşyldy. Agzalan hyzmatdaşlyklaryň ugurlary babatda kompaniýanyň ýolbaşçysy tarapyndan türkmen tarapy bilen bilelikdäki kärhananyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar deňiz ulag pudagynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda deňiz ulaglaryndahyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek babatda tagallalaryň ediljekdigi barada nygtalyp geçildi.