Türkmenistan-Eýran: Mary-Maşat EGU-ny durmuşa geçirmek, türkmen gazyny ibermek maslahatlaşyldy

19-20-nji maýda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Onda Mary-Maşat elektrik geçiriji ulgamyny gurmak, türkmen elektrik energiýasyny ibermek, tebigy gazy Eýrana eksport etmek we onuň üsti bilen SWAP usulynda üçünji ýurda üstaşyr geçirmek meseleleri esasy ugurlar boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, geçirilen mejlisiň jemleri hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.

Taraplar serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek, bilelikdäki sergileri, işewürlik maslahatlaryny we beýleki çäreleri guramak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-eýran işewürlik geňeşini döretmek, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen degişli “Ýol kartasyny” taýýarlamak mümkinçiligine hem garaldy.

Şeýle hem serhetýaka sebitlerde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we aýawly saklamak meseleleri mejlisiň gün tertibinde boldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.