Deňiz söwda flotynyň täze mümkinçilikleri

Şu ýylyň 1-nji martyndan başlap “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy-Baku (Alyat) -Türkmenbaşy ugry boýunça ýük awtoulaglaryny gatnawy üçin ýeňillikler berdi.

Gämilerde ýük daşamalary ulag pudagynyň we multimodal gatnawynyň esasy ugrunyň biri bolup, häzirki zaman halkara söwdasynda hem möhüm orny bardyr. Täze girizilen ýeňillikler söwda flotunyň müşderilerine ýük awtoulaglaryny daşamakda we daşalýan harytlaryň bahasyny arzanlatmak üçin amatly şertleri döreder.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň "Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň "Bagtyýar" we "Berkarar" atly "RO-PAX" görnüşli  iki sany paromgämileri bar. “Ro-Pax” gämileri “Ro-Ro” görnüşli gämileriniň mümkinçiliklerini we ýolagçylary gatnatmak ýaly hyzmatlary ýerine ýetirip bilýär. (Ro-Ro, ýeňil we ýük awtoulaglaryň gämä ýüklenip, bellenilen portda düşürilmegini aňladýar). Paromlaryň kuwwaty: 200 sany ýolagçy we 54 ýük awtoulagy daşamaga niýetlenendir. Şeýle hem, geçen 2022-nji ýylyň dowamynda parom gämilerinde 22 müňe golaý awtoulaglar Türkmenbaşy-Baku (Alyat) -Türkmenbaşy ugry boýunça daşaldy.

Täze ýeňillikleriň esasynda gatnawyň bir tarap bahasy 1,000 ABŞ dollaryna barabar bolup, eger gatnawyň her iki tarapa tölenen halatynda, gatnawyň umumy bahasy 1 600 ABŞ dollaryna deň bolar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 7-nji noýabryndan başlap daşary ýurtly we türkmen ulaglarynyň sürüjilerine Türkmenistanyň çägine girmäge, çykmaga we üstaşyr geçmäge rugsat berildi.

Has giňişleýin maglumat üçin "Deňiz söwda floty" ÝGPJ-niň internet sahypasyna girip bilersiňiz:https://mmf.com.tm

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi