Häzirki wagtda Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy dowam edýär. Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen strategiki gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy we ösdürmegi dowam edýär. Muny Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Bahreýn Patyşalygyna fewral aýynda resmi saparynyň netijeleri tassyklaýar.
Resmi saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda birnäçe resminamalara, şol sanda, deňiz ulag pudagynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.
Ähtnamada porty dolandyrmak boýunça özara tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak, gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulan.
Bahreýn Patyşalygy Mina Salmon porty bilen tanalýar. Mina Salmon Bahreýniň esasy ýük geçiiji we gümrük gullugy bolup hyzmat edýär. Portda konteýner daşaýjy gämiler üçin niýetlenen 15 sany gämi duralga bolup, bir ýylda 2,5 million tonna ýük geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, bu port Bahreýniň Halifa bin Salman kruiz porty bilen baglanyşykly bolup durýar. Halifa bin Salman portunda dolandyryş binasy, deňizçiler merkezi, parom we kruiz ýolagçy terminaly, gümrük amallary dolandyryş gullugy (3 aýry bina), ýük konteýner bekedi, lukmançylyk merkezi, 6 sany çuň gämi duralgalary bar.
Bu Ähtnama Bahreýn Patyşalygy bilen deňiz ulag pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýulmagyna goşant goşar we Türkmenistan hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ädimi bolar.