Şu ýylyň fewral aýynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Hindistan Respublikasynyň “Anipra Impex LTD” kompaniýasynyň wekiliniň arasynda göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunuň mümkinçilikleri, alyp barýan işleri, desgalary, terminallary, ulag-üstaşyr mümkinçilikleri barada tanyş edildi. Şeýle hem, deňiz portunyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň wekili häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeginde we sebitde ýük amala aşyrýan taslamalary barada gürrüň berip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem üstaşyr ýük taslamalaryny durmuşa geçirmäge isleginiň bardygyny mälim etdi. Munda esasan, Hazar deňzinde Demirgazyk-Günorta ugry boýunça Hindistana, Günbatar ýurtlardan Özbegistana üstaşyr geçirip boljak ýükler baradaky maglumatlary berildi. Hindistan Respublikasy Russiýa Federasiýasyndan agaç önümleri, dürli görnüşde reňkli metallary (alýuminiý, kuper), bugdaýy we mineral dökünleri we Özbegistan Respublikasyndan azyk önümlerini (bugdaý uny, guradylan ir-iýmişler) we mineral dökünleri eksport etýänligini we geljekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen yük gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty üçin ýük taslamalary babatda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligiň barlygyny belläp, eger-de taraplaryň arasynda bu babatda degişli ylalaşyk gazanyldan halatynda, geljekde goşmaça üstaşyr ýükleri porta çekmek boýunça işleri ýerine ýetirip biljekdigi barada habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar deňiz ulag pudagynda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda deňiz ulaglarynda hyzmatdaşlygy, ulag-üstaşyr logistika babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde mundan beýläk hem ösdürmek babatda tagallalaryň ediljekdigi barada nygtalyp geçildi.