Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýän gepleşikler

2023-nji ýylyň 15-nji martynda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri bilen «KPMG Tax and Advisory LLC» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň wekilleri kompaniýanyň alyp barýan işleri, esasy ugurlary we halkara derejesindäki tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.

KPMG – bu audit, salgyt we maslahat hyzmatlaryny berýän halkara kompaniýalar ulgamy bolup durýar.  KPMG-niň 147 ýurtdaky ofislerinde 219 000 sany işgärler zähmet çekýär. KPMG-niň esasy wezipesi dünýä bazaryndaky ýagdaýlary seljermekden, strategiýa we telekeçilik çemeleşmelerini işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Kompaniýanyň wekilleri Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, geçirilen gepleşikleriň dowamynda deňiz portunyň terminallaryny ynançly dolandyryşa bermek boýunça meseleleriň üstünde durlup geçildi.

  Ynançly dolandyrmak — bu dolandyrmagyň usuly bolup, oňa laýyklykda eýeçiligiň eýesi ynançly dolandyryjy bilen emlägi ynançly dolandyrmak hakynda şertnama baglaşýar. Bu görnüşli dolandyryşyň ähmiýeti porty beýleki ulag ulgamlary bilen birleşdirmek, porty dolandyrmagy kämilleşdirmek, ýa-da portda ýük dolanşygyny artdyrmak bolar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar mundan beýläk-de maýa goýum pudagynda ösüşleri gazanmakda we bu işde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.