Türkmenistan bilen Katar söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow bilen Katar Döwletiniň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri Ahmed bin Mohammed Al-Said Dohada geçirilen duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy çarşenbe güni habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegini aýratyn belläp, bu teklibiň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny nygtady.

Myratgeldi Seýitmämmedow daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara çäreler barada giňişleýin belläp geçdi. 

Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ösdürmäge taýýardyklaryny ynandyrdylar.