Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Brýusseldäki Ýunus Emre institutynyň koordinatory Abdulla Demir bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegi we Brýusselde birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada anna güni Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.
Duşuşykda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmäge gönükdirilen başlangyçlara aýratyn üns berildi. Ilçi 2024-nji ýylda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilendigini ýatladyp, Magtymguly Pyragy bilen Ýunus Emräniň döredijiligindäki ynsanperwer pikirleriň sazlaşygyny beýan edýän taslamanyň üstünde pikirlenmegi teklip etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar medeni alyş-çalyşlaryň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşyp, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny bellediler.
Türkmenistanyň 2025-nji ýyly "Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýip yglan etmegi bilen baglylykda, taraplar umumy adamzat gymmatlyklaryny medeniýet arkaly wagyz etmäge we özara düşünişmegi ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň aýratyn ähmiýetli bolup durýandygyny nygtadylar.