“Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Dhd” kompaniýasy “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen hyzmatdaşlygy meýilleşdirýär

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi häzirki wagtda deňiz ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça işleri alyp barýar we bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen yzygiderli gepleşikleri alyp barýar.

Şunuň bilen baglylykda 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen “Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Dhd” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar iki tarapalaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek, ýüzüji serişdelerini abatlamak, gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Kompaniýanyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri hem-de kuwwatlyklary bilen tanyşdyrlyp, kompaniýa tarapyndan geljekde gämileri we ýüzüji serişdeleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Hususan-da, kompaniýanyň wekilleri tarapyndan gami abatlaýyş zawodynda iki sany ýüzüji serişdäni, ýagny bir sany özi ýüzýän nebit çykaryjy platforma we 1 sany nebit saklaýjy platformasyny abatlamaklyk teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny we şol ugurdan netijeli degişli işleriniň geçiriljekdigini bellediler.