«Bütindünýä Durnukly Ulag Güni»

Malim bolşy ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, guramanyň agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu hoş habar mynasybetli, 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň “Awaza” okrugynyň deputatynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Bu maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Argadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler barada birnäçe çykyşlar edildi.

Şeýle-de, edilen çykyşlarda ýurdumyzyň wajyp pudaklarynyň biri bolan deňiz ulag ulgamynda, hususan-da Türkmenbaşy halkara deňiz portuny, milli deňiz söwda flotumyzy ösdürmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi.  

Soňky döwürlerde deňiz ulaglary babatda Türkmenistanyň goşulan Halkara konwensiýalary, Halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklary, Hazarýaka we alys döwletler bilen baglaşylan ylalaşyklar we ähtnamalary, halkara arenasynda abraýly ulag-logistika kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyklar bellenip geçildi.

Maslahatyň ahyrynda, gatnaşyjylar ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça güllap ösdürmekde alyp barýan syýasatlary üçin, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyşly sözleri aýtdylar.