2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa müdirliginiň baş direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet Türkmenbaşy şäherine iş saparynyň çäklerinde, Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen ýerinde tanyş boldular.
Myhmanlar deňiz portunyň mümkinçilikleri, terminallary we olaryň ýerine ýetirýän işleri, hyzmatlary, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklary we ulag-logistiki mümkinçilikleri bilen has içgin tanyş boldular. Wekiller Finlýandiýa Respublikasynyň ulag-logistika kompaniýalary tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Hytaý Halk Respublikasy-Ýewropa ýurtlary ugry boýunça ýük gatnawyny amala aşyrmakda gyzyklanma bildirilýändigi we Türkmenbaşy porty döwrebap tehnikalar bilen enjamlalaşdyrylandygyny belläp, gelejekde ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap geçdiler.
Şeýle-hem, wekiller “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawoduna baryp, zawodyň mümkinçilikleri hem-de kuwwaty bilen ýerinde tanyşyp, gämi gurluşygy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdiler. Esasan-da, taraplar geljekde gämi gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen, gurluşykda zerurlyk edýän baş hereketlendirijileri we ätiýaçlyk şaýlaryny “Wärtsilä” jemgyýetçilik maşyngurluşyk kompaniýasyndan ýa-da Finlýandiýanyň deňiz ulag pudagynda ulanylýan enjamlary öndürýän beýleki kompaniýalaryndan satyn almak, şeýle-hem, gämi gurluşygy pudagynda hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy hem nygtap geçdiler.
Häzirki wagtda, Milli Söwda flotynyň 8 sany nebit we nebit onümlerini daşaýjy tankerlarynda we 2 sany Ro-Pax parom gämilerinde Finlýandiýa Respublikasynyň “Wärtsilä” kompaniýanyň baş hereketlendirijileri ornaşdyrylan.