2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenbaşy halkara deňiz portuna berlen «EсoPorts» güwänamasy gowşurdy. Bu güwänamanyň Türkmenbaşy halkara deňiz porty tarapyndan alynmagy, Ýewropanyň ulag ulgamyna we halkara derejesine bagly bolan ýaşyl port statusyny berer we port üçin uly mümkinçilikler döreder. Bu güwänama diňe bir port üçin täze mümkinçilikleri açman, portuň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem ýardam berer.
Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplanylýar. Türkmenbaşy halkara deňiz portunda kömürturşy gazyna garşy goraglar, elektrik togy bilen işleýän kranlar, galyndylary zyňmagyň düzgünlerini berjaý etmek, şeýle hem, daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga kömek edýän innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylandyr. Deňiz portunyň her terminalynda Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamaga goşant goşýan bioarassalaýjy enjamlar bar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dünýäniň Ýaşyl portlarynyň hataryna goşulmak üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň goldaw bermegi bilen, Niderlandlar Patyşalygynyň «EcoPort Suistanable Logistic Chain» guramasynyň «EcoPorts» güwänamasynyň alynmagy maksat edinildi. Agzalan şahadatnamany almak üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we EcoPorts Suistanable Logistic Chain» guramasy bilen bilelikde birnäçe wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlar geçirildi.
Şeýlelikde, Türkmenbaşy deňiz porty tarapyndan «EcoPorts» halkara güwänamasyny almak üçin ilkinji «Özüňi Barlamak Usuly» (Self Diagnostic Method) tapgyryny üstünlikli geçdi we 2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda dünýäniň Ýaşyl portlarynyň toryna goşulyp, EcoPortSLC guramasynyň resmi web sahypasynda (www.ecoslc.eu) dünýa kartasynda «EcoPorts» hökmünde belgilendi. Soňra Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan, «EcoPorts» halkara güwänamasyny almak üçin «PERS» (Port Environmental Review System) atly ikinji tapgyryna başlandy we EcoPortSLC guramasyna 2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda port tarapyndan degişli hasabatlar ýollandy. EcoPortSLC guramasy tarapyndan resminamalar kabul edilip, Niderlandlar Patyşalygynyň «Lloyd’s Register» registri tarapyndan resminamalaryň audit barlag işleri geçirildi.
Alnyp barylan işleriň ikinji tapgyrynda, «Lloyd’s Register» registri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Halkara Standartlaşdyrmak Guramasynyň (ISO) «ISO 14001:2015 – Ekologiýany dolandyrmagyň ulgamy» halkara şahadatnamasy soraldy. Eger-de agzalan halkara standartlar şahadatnamasy bolmadyk ýagdaýynda «Lloyd’s Register» registri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip, ýerine ýetirýän hyzmatlarynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiliginiň laýyklyklygyny barlamak üçin audit geçirmelidi.
Halkara Standartlaşdyrmak Guramasy (ISO) – bu milli standartlaşdyrma guramalarynyň bütindünýä federasiýasy bolup durýar. Bu Gurama dünýäniň 150-den gowrak ýurtlarynda kabul edilýän, degişli ugurlar boýunça halkara standartlary işläp düzýär. Halkara Standartlaşdyrmak Guramasynyň talaplaryna laýyklykda berilýän ähli halkara şahadatnamalar, kärhananyň alyp barýan işleri halkara standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar we bu şahadatnamalar Halkara Akkreditasiýa Forumynda (IAF) bellige alynýar. Halkara dolandyryş ulgamynyň bolmagy bu kärhananyň öňünde durýan çylşyrymly tehniki we guramaçylyk meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär, halkara derejesinde dolandyryşyny we bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrýar hem-de berilýän hyzmatlaryň hiliniň kepili bolup durýar.
Emma muňa garamazdan, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan Halkara Standartlaşdyrmak Guramasynyň (ISO) «ISO 9001:2015 – Hili dolandyrmagyň ulgamy» (kärhanada ýerine ýetirilýän işleriň hem-de müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hilli üpjün edilmegi), «ISO 14001:2015 – Ekologiýany dolandyrmagyň ulgamy» (kärhanada halkara ekologiýa talaplarynyň, ýagny, deňiz gurşawyny ýaramaz täsirlerden goramak, howa atmosferasyna zyňyndylary azaltmak, ýer serişdelerini önümçilikde emele gelýän galyndylardan goramak) hem-de «ISO 45001:2018 – Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygyny üpjün etmegiň dolandyryş ulgamy» (kärhananyň çäginde ýerine ýetirilýän işleriň, kärhanada işleýän ähli derejedäki işgärleriň we müşderileriň tehniki taýdan howpsuzlygyny ýokary hilli üpjün etmek) halkara şahadatnamalaryny almak boýunça degişli işler geçirilip, bu şahadatnamalar üstünlikli alyndy.
Şeýlelikde, «ISO şahadatnamasy «EcoPorts» güwänamasynyň alynmagyna uly goşant goşdy. «EcoPorts» güwänamasy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynda ekologiýa howpsuzlygyň birkemsiz ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.