«EcoPorts» Güwänamasy alynmagy mynasybetli hoşallyk maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň edara binasynyň ýygnaklar zalynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligininiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunynyň şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Merkezi Aziýanyň deňiz merjeni ýaşyl portuň uludyr geljegi» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda  Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» Güwänamasy berilip, ekologiýa ulgamynda Türkmenistan indi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýe bolýanyny görkezmek bilen Ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenaryndaky bu iri desganyň abraýyny artdyrýan aýdyň subutnama öwrülendigi barada çykyşlarda aýratyn bellenip geçildi.

Şeýle-de, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda öňdebaryjy düzümleri bar bolan mümkinçilikleri bilen birlikde geljekde ýüze çykyp biljek islegleri, ýokary hilli teklipleri we derejeli hyzmatlar bilen kanagatlanarly teklipler bilen ukyplydygy barada aýdylyp geçildi.

Deňiz menziliniň çäklerinde gämileriň hereketine gözegçilik etmek ähli bölümlerde ýük ýüklemek we düşürmek işleri, şol pursatdaky döwürde awtomatlaşdyrmak bu elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyrylýanlygy aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýagny Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «Ýaşyl port» Güwänamasynyň berilmeginiň maksady - Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak bilen tutuş taslamanyň halkara ölçeglerine laýyklykda işlenip taýýarlanmagydyr.

Ýurdumyzda Gahryman Arkagadymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň uly üns bermegi netijesinde uly ähmiýetli işleriň, şol sanda halkara derejesinde möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekildi.

Şeýle hem, Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «Ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherler ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» Güwänamalarynyň gowşurylandygy hakynda hoş habara niýesläp, tarapyndan tegelek stol hökmünde gepleşik guraldy.

Mümkinçilikden peýdalanyp, maslahata we gepleşige gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimize ýaşlara işlemäge, döretmäge, şeýle hem ulag pudagynda ýokary netijeleri gazanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.