“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet 2023-nji ýylyň 12-16-njy iýunynda Türkmen-Latwiýa Ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşmak üçin Latwiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýarlar.
2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Riga şäherinde Türkmen-Latwiýa Ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisi öz işine başlady. Mejlisde taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin wezipeleri kesgitlediler. Hususan-da, taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek, üstaşyr-logistika pudagyny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretdiler. Bu babatda taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasynda ulag-logistika pudagynyň oňyn ösüşini bellediler we bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça maglumat alyşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Latwiýanyň üç sany uly portlary - Liepaýa, Riga, Wentspils we Latwiýanyň ähli deňiz serhedinde ýerleşýän ýedi sany kiçi portlary - Engure, Liepule, Mersrags, Pawilosta, Roýa, Solasgriva we Skulte bardyr. Uly portlarda esasan ýükleri ýükleme-düşürme hyzmatlary ýerine ýetirilip, olardan Latwiýanyň üsti bilen üstaşyr geçirilýän ýükleriň 80%-i ýüklenýär. Kiçi portlar içerki ýük gatnawlary üçin niýetlenendir.
Şunuň bilen baglylykda, mejlisde taraplar, Türkmen telekeçileri üçin Latwiýa portlarynyň çäginde we ýörite ykdysady zolaklarynda Ýewropa Bileleşiginiň, Baltika ýurtlarynyň we Skandinawiýanyň bazarlarynda türkmen harytlaryny öndürmek, saklamak, gaýtadan işlemek, ýaýratmak üçin önümçilik we ulag-logistika kärhanalaryny, terminallary, ammarlary döretmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdiler.
Mejlisde Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda konteýner we intermodal ýük daşamagy artdyrmak, şeýle hem, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň arasynda dürli üstaşyr geçelgelerini birikdirmek we TRACEKA bilen birlikde alternatiw logistika ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns bermegi bellenildi.
Taraplar Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky söwdany üpjün etmekde ulag we logistika ulgamynyň aýratyn ornuny belläp, Türkmenistan, Latwiýa, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan milli ulag edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegine ýokary baha berdiler.
Şeýle hem, türkmen tarapynyň wekilleri Latwiýa tarapyny Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we terminallary bilen tanyşdyrdylar we portuň kuwwaty, döwrebap enjamlary we işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin Latwiýanyň wekillerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna çagyrdylar.
Mejlisiň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hökümetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler we ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtap geçdiler.
Mejlisiň netijeleri boýunça ýokarda agzalan ugurlar we geljekki ýerine ýetirilmeli wezipeler babatynda Türkmen-Latwiýa Ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekiler.