Türkmenistanyň "Gadamly" gämisi Baku halkara deňiz söwda portunda dabaraly garşy alyndy

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda  Baku halkara deňiz söwda portunda Türkmenistanda doly gurlan ilkinji "Gadamly" atly gury ýük gämisini garşylamak dabarasy geçirildi. Dabara wagtynda çykyş eden Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bu gäminiň Hazar sebitinde, aýratyn-da, Azerbaýjan ugruna yzygiderli gatnawlary amala aşyrjakdygyny mälim etdi. Diplomat täze gäminiň Baku portuna gelmegini iki ýurduň arasyndaky ulag we logistika hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň möhüm görkezijisi hökmünde häsiýetlendirdi. Bu barada trend.az habarlar gullugy habar berýär.

Ilçiniň belleýşi ýaly, ýük göterijiligi 6 100 tonna deň bolan bu döwrebap gämi "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda koreý tarapy bilen baglaşylan şertnama esasynda gurlan ilkinji gury ýük gämisidir.

Konteýner daşamalary üçin niýetlenen bu täze gämi Hazar deňzinde halkara ýük gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Diplomat bu taslamanyň milli deňiz flotuny güýçlendirmek, infrastruktura düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we sebitdäki logistika mümkinçiliklerini giňeltmek taýdan uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.

Şeýle hem G. Elýasow gäminiň Bauy portuna amala aşyran ilkinji saparynyň Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary, esasanam transport pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge berýän uly ünsüniň subutnamasydygyny belledi. Bu waka iki doganlyk halkyň arasyndaky özara ynamyň nobatdaky nusgasy bolup, ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan-Azerbaýjan hyzmatdaşlygyny berkitmekde aýgytly orun tutýandygy bellenilip geçildi.