Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasy öz işinde hil dolandyryşyň iň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak bilen, ISO 9001:2015 halkara standartynyň ýokary talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak tapgyryny üstünlikli tamamlady.
2026-njy ýylyň 4-nji we 8-nji maýy aralygynda "CERT International" atly abraýly we garaşsyz halkara auditorçylyk kompaniýasy tarapyndan edaranyň işine toplumlaýyn gözegçilik auditi geçirildi. Ekspertleriň barlaglary Deňiz administrasiýasynyň alyp barýan işiniň esasyny — gämi gatnawynda dolandyryş ulgamyny guramagy hem-de tehniki gözegçiligi ýokary guramaçylykly amala aşyrmagy öz içine aldy.
Bäş günüň dowamynda inçelik bilen alnyp barlan bu barlaglaryň barşynda auditorlar edaranyň içerki düzgünnamalaryny, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny, resminama dolanyşygynyň talaplara laýyklygyny we iň esasy bolsa işgärleriň hünär ussatlygyny hem-de taýýarlyk derejesini jikme-jik seljerdiler. Şunda töwekgelçilikleri dolandyrmak mehanizmlerine, gämileriň tehniki ýagdaýyny anyklamaga (oswidatelslowanie) we Hazar deňziniň biziň ýurdumyza degişli milli zolagynda gämi gatnawynyň howpsuzlyk kadalaryna gyşarnyksyz eýerilişine aýratyn üns berildi.
Geçirilen anyklaýyş çäreleriniň netijesinde, auditorlar topary tarapyndan halkara kadalardan hiç hili düýpli gyşarma ýa-da kemçilik tapylmady. Şeýlelikde, Administrasiýanyň dolandyryş we iş prosesleriniň deňizçilik ulgamyndaky milli hem-de halkara talaplara, şeýle-de ISO 9001:2015 standartyna doly laýyk gelýändigi tassyklanyp, edara laýyklyk sertifikatyny gowşurmak barada resmi çözgüt kabul edildi.
2026-njy ýylyň maýynda gazanylan bu üstünlik, Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň ýurdumyzyň deňiz giňişliklerinde ulag howpsuzlygyny yzygiderli we ygtybarly üpjün etmäge, şeýle hem bu ugurdaky işleri häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk getirmäge doly ukyplydygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi.