2023-nji ýylyň 11-12-nji awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli birnäçe halkara çäreleri, şol sanda halkara maslahatlar geçirildi. Hut şu güni, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda Azerbaýjan respublikasyň, Eýran Yslam respublikasyň, Gazagystan respublikasyň, Russiýa Federasiýasyň we Türkmenistanyň gol çekmeginde, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Tähran konwensiýasy güýje girdi.
Geçirilen halkara maslahatynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak babatynda amala aşyrylýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi barada çykyşlar edildi.
Maslahata, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, şeýle hem Gruziýanyň we Rumyniýanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Halkara guramalaryndan BMG-iň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň (IOM), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZI), Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Hökümetara ummanlary toparynyň, Halkara Deňiz Hukugy boýunça Institutynyň we Halkara umman institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda ekologiýa kadalarynyň berjaý edilişi we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada çykyşlarda agzalyp geçildi. Çykyşlarda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda kömürturşy gazyna garşy goraglar, elektrik togy bilen işleýän kranlar, galyndylary zyňmagyň düzgünlerini berjaý etmek, şeýle hem, daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga kömek edýän innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylandygy barada agzalyp geçildi. Deňiz portunyň her terminalynda Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamaga goşant goşýan bioarassalaýjy enjamlar hem bar.
Şeýle hem çäräniň dowamynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Hasyl” we “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde Türkmenbaşy şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle hem Hazar deňziniň gözel tebigatyna bagyşlanan surat çekmek, amaly-haşam işleri boýunça bäsleşikleri geçirildi.
Çäräniň netijeleri boýunça, oňa gatnaşyjylar Hazaryň sebitinde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynamy pugtalandyrmagyň möhümdigi barada öz pikirlerini beýan etdiler. Şeýle hem olar Hazar deňziniň ygtybarly daşky gurşawyny goramak we potensialynyň abadançylygyny we ösüşini has-da ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy berkitmeginiň zerurdygyny bellediler.
Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň gününe bagyşlanan serginiň ekspozisiýasy bilen tanyşdylar. Çäre Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynyň we çagalar sungat mekdepleriniň sungat işgärleriniň ýerine ýetiren konserti bilen tamamlandy.