«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7 — 9-njy oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar

2026-njy ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli halkara çäreler geçiriler.

Bu çäreleriň esasy wakasy 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bolar. Mejlisde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri gatnaşarlar. Şeýle hem, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň hem bu mejlise gatnaşmagyna garaşylýar. Sammitiň çäklerinde gatnaşyjylar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşarlar, Arkalaşygyň şu ýyldaky işleriniň jemini jemlärler hem-de geljek üçin wezipeleri kesgitlärler.

Geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasy boýunça 7-nji oktýabrda «Awazada» «Durnukly ösüşe ýardam bermek we zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak» atly halkara dialogy, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň saglygy goraýyş ulgamy boýunça maslahaty hem-de «Demografik ýagdaýlar we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahaty geçiriler. Şeýle hem, şol gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Amyderýa we Syrderýa derýalarynyň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça ýokary derejeli duşuşygy, tohumçylyk meseleleri boýunça mejlis, GDA-na agza döwletleriň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň duşuşygy hem-de «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry meýilleşdirilýär.

8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bolar. Şol bir wagtyň özünde GDA agza döwletleriň we Eýranyň milli tagamlarynyň festiwaly, «Ganatly bedew: güýç we nepislik» atly döwletara telefilmler bäsleşiginiň hem-de «Tatar gyzy – 2026» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, şeýle-de Arkalaşyga agza döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

9-njy oktýabrda bolsa, GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinden başga-da, Hazar ekologiýa sammiti we «Awaza» sport toplumynyň sergi meýdançasynda GDA agza döwletleriň hem-de Eýranyň sergisi geçiriler.