Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 128,6% ösüş gazanyldy we 1,509 million tonna ýetdi. Umuman aýdylanda 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 130,1% ýerine ýetirildi.
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary boýunça ýük dolanşygy 626,355 mln.tn.km. boldy, bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 25,4% ýokary we ýanwar-awgust aýlaryndaky ýük dolanyşyk meýilnamasy 227,4% ýerine ýetirildi.
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary boýunça ýolagçy dolanşygy 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 165,5% ösüş gazanyldy we 6,194 mln.ýolagçy.km boldy. Meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 244,3% barabar.
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Ro-Pax awtoulag we ýolagçy gatnadýan paromlarda daşalan awtoulaglaryň sany 12 358 ýetdi we 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 142,3% ösüş gazanyldy. Daşalan konteýnerleriň sany 2 773 TEU, ösüş depgini 255,8%.
Ösüş depginleriniň ýokarlanmagy, ilkinji nobatda, çig nebit önümleriň eksportynyň köpelmegi, ýurduň milli daşaýjysy hökmünde ygtybarlylygy, durnuklylygy we ýeňillikli arzanladyşlary bilen tapawutlanýan flot gämileri saýasynda ýük iberijileri höweslendirmek arkaly ýükleriň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, konteýner daşamagyň mukdary 2,6 esse artdy.