"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginde Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda “Turkmendeňizderyayollary” agentliginde Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen Agentligiň ýolbaşçylary arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Agentligiň başlygy wekillere Agentlik we onuň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan işler we hödürlenýän hyzmatlar barada jikme-jik gürrüň berdi. Esasanam Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebine aýratyn üns berildi. Wekillere deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň okuwlarynyň dowamlylygy, ýagny uzak möhletli we gysga möhletli okuwlary barada gürrüň berildi.

Häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde diňe teoretiki sapaklary berilip, zerur bolan enjamlaryň bolmanlygy sebäpli amaly sapaklary geçirmäge mümkinçiligi ýok. Hindi tarapy deňizçilik orta hünär okuw mekdebi üçin 1 million dollar Grant kömegini bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu grant kömegi, talyplara amaly sapaklary geçirmäge mümkinçilik berýän zerur bolan enjamlary ýagny, deňizde gämileri dolandyrmany öwrenmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün etmek üçin gönükdiriler.

Deňizden nebit almak üçin ulanylýan deňiz platformalary, howpsuz we netijeli işlemegi üçin ýokary hünärli işçileri talap edýär. Bu platformalar daşary ýurtlarda tejribeleri alan we amaly okuwlary geçen daşary ýurt kompaniýalaryň gämileriniň hyzmatlary bilen giňden peýdalanýarlar. Täze hyzmatdaşlygyň netijesinde talyplar we ýaş deňizçiler ýurdumyzda döwrebap desgalarda amaly tälim almak üçin ajaýyp mümkinçilikler bilen peýdalanarlar. Bu ädim, deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün edýändiginiň we hünärmenleri halkara standartlaryna, şeýle hem, “deňizçileri taýýarlamak we şahadatnamalaşdyrmak we wahtada durmak (STCW-78)” hakyndaky halkara konwensiýasyna laýyklykda taýýarlanýandygyny görkezýär.

Türkmenistan, 13 sany halkara resminamanyň agzasy bolmak bilen, Halkara Deňiz Guramasy (IMO) we beýleki guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň mundan beýläk-de, deňizde howpsuzlygy üpjün etmegi, daşky gurşawy goramagy we halkara standartlaryna laýyk gelmekligi babatynda alnyp barylýan işleriň işjeňleşdirmegi, şeýle hem, bu ugurda halkara tejribeleri ulanmaga taýýarlygyny görkezýär.

Mundan başga-da, türkmen tarapy, hindi ulag we logistika kompaniýalarynyň Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň kuwwatlygyny ullanmak arkaly Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ýüklerini üstaşyr geçirmegi teklip etdi.

Şeýle hem, Ilçi şu ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Mumbayda (Hindistan) deňiz ulag ulgamyna bagyşlanan halkara çäräniň geçirilmeginiň  meýilleşdirilýändigi barada belläp geçdi we Agentligiň wekillerini bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.