«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň hünärmenleri “Halkara deňiz konwensiýalary” atly okuwyna gatnaşdylar.

2023-nji ýylyň 18-27-nji sentýabr aralygynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň hünärmenleri Ýewropanyň deňiz howpsuzlyk agentliginiň goldamagynda halkara sertifikasiýa we klassifikasiýa jemgyýeti Det Norske Veritas (DNV) tarapyndan geçirilen "Halkara deňiz konwensiýalary" atly okuwyna gatnaşdylar. Bu okuw göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

DNV ägirt uly şahadatnamalaşdyryş we klassifikasion jemgyýetiniň biri bolup, onuň registrinde 13 175 sany gämiler we deňiz platformalar bar we olar dünýä bazarynyň 21 göterimini emele getirýär. DNV-iň möhüm hyzmatlary: baha bermek, konsalting (maslahat) we töwekgelçiligi dolandyrmak hyzmatlary ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Okuwlar konwensiýalarynyň taryhy we döredilmegi, tassyklamalary we amallaryndan başlap, klassifikasion düzgünleri we howpsuzlyk meselelerine çenli dürli görnüşli mowzuklary öz içine aldy. Okuwa gatnaşanlar okuw maksatnamany üstünlükli tamamlap, degişli şahadatnamalary aldylar we indi bolsa, bu bilimleri işlerinde ulanmana taýýar.

Bu tejribe işgärleriň bilimlerini we başarnyklaryny baýlaşdyryp, Türkmenistanyň deňiz pudagyndaky ornuny berkider we deňiz howpsuzlygyna goşant goşar. Geçirilýän okuw sapaklaryň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň deňiz konwensiýalary babatynda ülňüleri we bilimleri ýokarlandyrmaga işjeň gatnaşýandygyny bellemek bolar.