2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde «Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýanyň wekilleriniň we Agentligiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda «Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýasynyň wekilleri kompaniýanyň alyp barýan işi we bäş materikda ýerleşýän 35 sany gämi gurlyşyk zawodynda gurulýan gämileri barada jikme-jik gürrüň berdiler. Kompaniýa tanker, losman, deňziň düýbüni çuňaldyjy, tirkeg, uly göwrümli gämileri we ýokary derejeli ýahtalar ýaly dürli görnüşli gämileriniň gurluşyklaryny ýerine ýetirýändikleri we belli bir taslamanyň esasynda gurýandygyny belläp geçdiler.
Türkmen tarapy, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri gurmak babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Kompaniýanyň wekilleri gämini zawodyň özünde gurup, gurluşyk üçin zerur bolan materiallary we enjamlary zawodyň we ýerli çeşmelerden peýdalanan ýagdaýynda, taýýar gämini import etmekden ykdysady taýdan amatly boljakdygyny belläp geçdiler. Gepleşikleriň dowamynda, türkmen tarapy täjirçilik teklibini we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerini gurmak üçin zerur bolan enjamlar barada maglumatlary soradylar.
Mundan başga-da, Lebap welaýatynda ýerleşýän “Derýaýollary” paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşyk zawodyny gelejekde döwrebaplaşdyrmak meselelerine seredilýändigi bellendi. Bu bolsa, Türkmenistanda gämi gurluşyk infrastrukturasyny berkitmek we gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.