2023-nji ýylyň 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi.
Türkmenistanyň ýokary derejeli birnäçe resmi wekilleri, şol sanda türkmen wekiliýetine başlyklyk edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Energetika, Oba hojalyk ministrlikleriniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konserneleriniň, “Rysgal” banknyň, “Türkmenaragatnaşyk” we “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň, Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşaşdylar.
Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankynyň, “Fitch Ratings” agentliginiň we Amerikanyň “S&P Global” mediaholdininiň bilermenleri Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin maslahata gatnaşdylar. Bu geçirilen çära jemi 350 sany wekiller gatnaşdylar.
Forumyň iş sessiýalarynda gatnaşyjylaryň ünsi Türkmenistanyň energiýa we himiýa pudaklaryna maýa goýum mümkinçilikleri, ýaşyl maýa goýumlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we wodorod energiýasy ýaly mowzuklara gönükdirildi. T Türkmenistanyň wekillerinden başga-da, ýurdumyzyň daşary ýurt hyzmatdaşlary, ýagny SOCAR, Dragon Oil, Yugneftegaz we forumyň guramaçysy Nielsonsmith kompaniýalarynyň ýolbaşçylary öz pikirleri bilen paýlaşdylar.
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy hem forumda çykyş etdi. Foruma gatnaşyjylary deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy, şeýle hem ýurdumyzyň deňiz infrastrukturasy bilen jikme-jik tanyşdyryldylardy.
23-nji noýabrda, forumyň ikinji güniтву, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň häzirki zaman tendensiýalaryna we pudaklarda birnäçe tematiki sessiýalara bagyşlanan umumy mejlis geçirildi.