Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy. «Deňizçi» futzal topary 2009-njy ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýär we dördünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Mundan öň Türkmenistanyň Halkara deňiz portunyň topary şeýle üstünligi 2015-nji, 2021-nji we 2022-nji ýyllarda gazanypdy.

Hazar ýakasyndaky şäheriň futzal toparyny bu ýeňşe 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli işleýän baş tälimçi 47 ýaşly hünärmen Ýakup Öwezow alyp bardy. «Deňizçi» topary onuň ýolbaşçylyygynda milli çempionatlarynyň 2014-nji we 2018-nji ýyllarda iki gezek kümüş medala, 2012-nji, 2019-njy we 2020-nji ýyllarda üç gezek bürünç medala, 2016-njy we 2018-nji ýyllarda bolsa iki gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy we bir gezek 2019-njy ýylda ýurdumyzyň Baş kubogynyň aýgytlaýjy oýnuna gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 26-njy noýabrynda ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň jemleýji 21-nji tapgyrynyň duşuşuklary geçirildi. Sekiz toparyň gatnaşmagynda geçirilen Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi üç aýlawyň dowamynda geçirilen oýunlarda kesgitlenildi.

Çempionatyň soňky tapgyrynda «Migrasiýa» toparyny 5:2 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Deňizçi» umumylykda 52 utuk toplap, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» toparyny 1 utuk öňürtmegi başardy. 40 utuk toplan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Gümrükçi» topary hormat münberiniň üçünji basgançagy eýeledi.

Naýbaşy ligida ýeňiş gazanan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň topary 2024-nji ýylda futzal toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy.