«Astrakhan Port» paýdarlar jemgyýeti täze «Астрапорт шиппинг» kompaniýasyny döretdi. Bu kararyň Hazar deňzinde gämi gatnawyny ösdürmek maksady bilen kärhananyň eýran paýdarlary tarapyndan kabul edilendigi bellenilýär.
Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Tass agentliginiň beren interwýusynda, Eýranyň gämi gatnaw kompaniýasy IRISL-iň «Астрапорт шиппинг» kompaniýasyny ösdürmek üçin ep-esli serişde goýýandygyny we eýran işewürler bu kompanýanyň paýdarlar bolup durýandygy aýtdy.
Gämi gatnawyny ösdürmek maksady bilen eýran esaslandyryjylar bilen «Астрапорт шиппинг» kompaniýasyny döretmek kararyna geldiler, -diýip, Astrahan oblastynyň gubernatory belledi.
«Astrakhan Port» paýdarlar jemgyýeti «Lotos» gämi gurluşyk zawody bilen RSD 49 taslamasynyň 1 mlrd rubl bahasyna deň bolan gury ýük gämisini tamamlamak boýunça şertnama baglaşdylar. Gurluşygynyň tamamlanmagy 2024-nji ýylyň mart aýynda meýilleşdirilýär.
Şeýle hem, Sebitiň başlygy, maýadarlaryň ýene iki gämi satyn almagy meýilleşdirýändigini, Eýranyň bolsa Astrahan portuny ösdürmäge maýa goýumlarynyň 600 million rubldan geçendigini aýtdy. Hyzmatdaşlaryň meýilnamalary däne we ýag terminallaryny gurmagy öz içine alýar.