Mahaçkala deňiz söwda porty infrastrukturasynyň 2026-njy ýyla çenli täzelenmegi esasynda ýük dolanyşygynyň ösüş depginini 10% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.
Bu barada Dagystanyň ulag we ýol hojalygynyň ministri Jambulat Salawow TAСС habarlar gullygyna habar berdi.
“2024-2026-njy ýyllarda portuň infrastrukturanyň täzelemegine gönükdiriler, ýagny, awtoulag ýoly, port paýlaýjy parkyna demirýol birikmesi, däne önümleriniň terminalynyň gurulmagy gelejekde ýük dolanşygyny 2023-nji ýylyň görkezijilerine seredilende, takmynan 10 göterim ýokarlanmagyna getirer”- diýdi.
Portuň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Rüstem Kerimowyň ozal habar bermegine görä, 2023-nji ýylda portuň ýük dolanyşygy 5,9% ýokarlanyp, 2,939 million tonna ýetdi.
Onuň aýtmagyna göra, ýükleriň umumy göwrüminiň iň möhüm paýy gury we umumy ýükler boldy. Olaryň umumy möçberi bolsa 855,3 müň tonna deň bolup, 2022-nji ýyly bilen deňeşdirilende 1,7 esse artdy. 2023-nji ýylda Mahaçkala portundan 317 müň tonna däne önümleri iberildi (+ 39,8%).
Şeýle hem Russiýanyň hökümetiniň Mahaçkala deňiz söwda porty paýdarlar jemgyýetini hususylaşdyrmagy 2024-2026-njy ýyllaryna geçirildigini bellemek bolar. Hususylaşdyrma işleri amala aşyrylandan soňra, Dagystanyň häkimiýeti portda uly göwrümli täzeleýiş işlerini geçirmegi maksat edinýär.
Mahaçkala deňiz söwda porty Russiýanyň Hazar deňzindäki ýeke-täk sowuk gyş aýlarynda doňmaýan, çuň portydyr. Bu deňiz porty Russiýanyň günortasyndaky ulag ulgamynda Merkezi Aziýa, Eýran, Zakawkaziýa we sebitdäki beýleki ýurtlar bilen möhüm strategiki baglanyşygy bolup hyzmat edýär. Mahaçkala portunda nawigasiýa ýylboýy amala aşyrylýar, deňiz portunda Russiýa Federasiýasynyň döwlet serhedinden hemişelik köptaraplaýyn ýük gözegçilik nokady bar. Bu desga uzynlygy 150 metre çenli we çuňlugy 4,5 metre çenli gämileri kabul edýär.