23-25-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Farap awtoýollary» we Özbegistanyň Döwlet gümrük komiteti «Alat» gümrük barlag geçiş nokady ýük barada deslapky maglumatlary alyş-çalyş etmegiň synag mehanizmini durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki sebitleýin okuw geçirildi.
Bu okuw BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň ýükleri daşamak boýunça gözegçilik maksatnamasynyň çäginde guraldy. Onuň maksady görkezilen nokatlarda işleýän dolandyryş toparynyň agzalaryny ýük barada deslapky maglumatlary alyş-çalyş mehanizmi bilen tanyşdyrmak boldy.
Bu nukdaýnazardan, gatnaşyjylar gelýän we gidýän ýükler barada özara ylalaşylan maglumatlar toplumynyň alyş-çalşyny synagdan geçirdiler. Bu okuwy BGG-niň halkara hünärmeni Swetlan Sawow alyp bardy. Beýleki ýurtlaryň gümrük administrasiýalary bilen maglumat gatnaşyklaryny giňeltmek Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň öňünde durýan esasy meseleleriň biridir.
Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komiteti bilen Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulaglar barada deslapky maglumatlary alyş-çalyş etmek baradaky 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen teswirnama laýyklykda deslapky maglumatlaryň alyş-çalşygy ýola goýuldy.