30-njy ýanwarda, Brýussel şäherinde geçirilen Global Gateway maýa goýum forumynda “Türkmenistanyň derwezesi: üstaşyr merkeziniň mümkinçiliklerini öwrenmek” atly sessiýasy geçirildi. Türkmenistanyň ulag toplumyna maýa goýum mümkinçiliklerini we Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýurdumyz üstaşyr mümkinçilikleriniň esasy merkezi hökmünde gözden geçirildi.
Gepleşige döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri, şol sanda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň, «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenistanyň ulag we logistika merkeziniň» wekilleri, şeýle hem, Ýewropa Bileleşiginiň institutlary we “Royal IHC”, “Cargolux” ýaly halkara kompaniýalary gatnaşdy.
Gepleşikde Hazar deňiziniň merkezini ösdürmek, demir ýol gatnawyny optimallaşdyrmak we üstaşyr amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly esasy taslamalar hödürlendi.
Türkmenistanyň deňiz ulag ulgamynyň gämi gurluşyk pudagynda maýa goýum taslamalary işjeň durmuşa geçirilýär. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow birnäçe möhüm taslamalary belläp geçdi:
ýüklenende we düşürilende nebit dökülmesini aýyrmak we üstaşyr gämilerinden ýagly suwy almak üçin nebit we nebit galyndylaryny ýygnaýjy gämi; deňizdäki nebit we gaz platformalaryna hyzmat etmek üçin üpjünçilik-tirkeg gämisi; türkmen nebit we nebit önümleriniň daşalmagyna bolan islegiň artýany üçin nebit tankeri, deňizdäki nebit-gaz desgalarynyň ösýän ulgamynda ulag islegini kanagatlandyrmak üçin döredilen ýolagçy gämisi.
Baýseýidow Ýewropanyň kompaniýalaryny hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Türkmenistana baryp görmäge çagyrdy we maýa goýum taslamalaryny bölekleýin ýa-da doly maliýeleşdirmek baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Türkmenistanyň «Ulag we logistika merkeziniň» baş direktory Merdan Bäşimow, Aziýa sebitinden Ýewropa ýük akymynyň netijeli bolmagy üçin Gara deňziň portlarynyň arasynda bilelikdäki fider hyzmatyny teklip etdi. Şeýle hem, konteýner daşamak babatynda baglaşdyryjy bölegi bolan, Türkmenistanyň möhüm demirýol terminalynyň biri – Etrek we Sarahs stansiýasynyň döwrebaplaşdyryş taslamalaryna potensial hyzmatdaşlaryň ünsüni çekdi.
Häzirki wagtda dünýäde durnuksyz ýagdaýyň esasynda, Türkmenistan ähli ulag ugurlarynda howpuzlygyň kepili hökmünde, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen howpsuz ýük daşamak babatynda ygtybarly hyzmatdaşlygy we Ýewropa hem-de Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulag arabaglanşygy hökmünde möhüm orna eýelemegine taýýardygy bellenildi.
Bu sessiýa halkara kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanyň ulag toplumyna maýa goýmaga uly gyzyklanma bildirdi.