Şu ýyl Türkmenistanda ilkinji gezek gämileriň gurluşygyna başlan täze “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody, hyzmatdaşlary bilen ilkinji gämini 14 aýyň dowamynda, ikinji gämini bolsa ondan iki aýdan soň, gurluşygy tamamlap, ulanylşa girizilmegi meýilleşdirýär.
Gäminiň gurulmagynyň möhleti sebitde iň amatlysy bolup durýar, sebäbi adatça deňiz gämisiniň doly işe girizilmegi azyndan üç ýyl dowam edýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew, Brussel şäherinde geçirilen Global Gateway maýadarlar forumynda «Быстрые победы, большое влияние – краткосрочные инвестиционные возможности для Транскаспийского транспортного сообщения» atly sessiýasynda aýtdy.
Şeýle hem, Türkmenistan milli gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatynyň ýylda 4 gämi gurmak we 20 gämi abatlamak üçin niýetlenendigine garamazdan RO-RO paromlaryny gurup başlamagy meýilleşdirýär. Deslapky hasaplamalara görä, Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýylda 5 million tonna goşmaça konteýner daşamak üçin azyndan 20 gury ýük gämisiniň öndürilmegi zerur bolar. Türkmenleriň gämi gurluşygy doly güýjüne ýetmegi üçin maýa goýumlary möhüm orun eýelärler.
Şol bir wagtyň özünde, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasary we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň w.w.ý.ý. başlygy Seýitguly Baýseýidow «Пересечение Каспийского моря: превращение узкого места в ключевое соединение» Global Gateway parallel sessiýasynda çykyş etdi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýewropa-Aziýa ýük dolanyşyk ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini we Merkezi Aziýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara wajyp aragatnaşygy üpjün edip, söwda üçin ykdysady taýdan amatly ugry hödürleýär.
Türkmenistan hökümetiniň täze portuň gurluşygyna 1,5 milliard dollar maýa goýandygyny bellän Baýseýdow, 17 million tonna dürli görnüşli ýüküň kuwwatyna we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezdi: 2023-nji ýylda ÝHHG-nyň goldawy bilen port «Ýaşyl port» güwanamasyny aldy.