2023-2024 möwsüminiň başyndan 1-nji fewrala çenli Russiýanyň däne eksporty, geçen möwsümiň şol senesi bilen deňeşdirilende 23 göterim ýokarlandy we 38,5 million tonna ýetdi. Bu barada däne eksportçylary bileleşiginiň Telegram kanalynda habar berilýär.
Ýanwar aýynda geçirilen deslapky netijelere görä, möwsümiň başyndan bäri Russiýanyň bugdaý eksporty 29,5 million tonna (geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 13 göterim artdy) deň boldy.
Russiýadan däne önümlerini import edijileriniň arasynda ilkinji bäşlige: Türkiýe - 4,98 million tonna (geçen möwsüm bilen deňeşdirilende -19,4%), Eýran - 4,12 million tonna (+ 5%), Müsür - 3,58 million tonna (- 21,2%), Bangladeş - 2,4 million tonna (+ 163,4%), Saud Arabystany - 2,2 million tonna (+ 6,4%).
“PortNews”-yň habar bermegine görä, Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministri Dmitriý Patruşewiň 2023-2024-nji ýyllaryň häzirki oba hojalygy möwsüminde Russiýa 140 million tonna hasyly bilen (şol sanda takmynan 93 million tonna bugdaý) 65 million tonna däne önümlerini eksport etmäge taýyndygyny belledi.
Oba hojalygy ýyly 1-nji iýulda başlaýar, birinji ýarymy senenama ýylynyň ahyryna çenli (31-nji dekabr), ikinjisi indiki senenama ýylynyň 30-njy iýunyna çenli dowam edýär.