2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine bagyşlanyp Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara Utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG) we “Türkmen Logistika” assosiasiýasy bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň täze ösüşiniň maksatlary” atly webinar geçirildi.
Webinary TÝHUG-niň Baş sekretary jenap Genadiý Bessonow açdy. Webinara TÝHUG-niň agzalary bolan Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Günorta Koreýanyň ýük daşaýjy kompaniýalary gatnaşdylar.
Webinaryň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty üçin ahmiýeti we bu ugurdaky tagallalar, üstaşyr ýükleri geçirilmegi üçin döredilýän ýeňillikler, ýurduň üstünden demirýollary arkaly ýük daşamak üçin amatly şertler barada belläp geçdi.
Soňra Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalary “Merjenýol”, “Paýhas ganaty”, “MenoLogistics Turkmen”, “Zehinli ýoldaş”, “Eminli maslahat”, “Tylla nal” özleriniň alyp barýan işleri, ugurlary we hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. TÝHUG tarapyndan bolsa “РЖД Logistic”, “РуссИранЭкспорт” государственная корпорация, АО “НК КТЖ”, АО “КТЖ Экспресс”, ООО “Interrail Service”, we beýleki kompaniýalar özleriniň alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Soňra taraplar hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri babatynda sorag-jogap alyşdylar.
Webinaryň ahyrynda taraplar sebitde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň potensialynyň örän ýokarydygyny belläp, bu ugurda ýakyn geljekde tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigini golladylar.