"Eýranyň Deňiz Ykdysadyýeti" forumynyň ikinji güni Söwda ösüş guramasynyň daşary işler boýunça geňeşçisi Mirhadi Seýýedi, Telekeçiligi ösdürmek guramasynyň goldaw we taýýarlyk bölüminiň baş müdiri Seyyed Ali Emami, Infrastruktura işleri boýunça şäher we ýol gurluşygy ministriniň geňeşçisi we başga-da ulag pudagynyň ýokary derejeli bilermenleri gatnaşmagynda "Söwdany ýeňilleşdirmekde we üstaşyr gatnawlary ösdürmekde hökümetiň orny" atly diskussiýa şeklinde gepleşikleri alyp bardylar.
Bu günüň dowamynda deňiz ulag pudagyna bagyşlanan sergi geçirildi. Serginiň dowamynda türkmen tarapy "India Ports Global Chabahar free zone" kompaniýasynyň baş dolandyryjysy Jiledar Singh bilen gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Günbatar-Gündogar geçelgesinde Ýewro-Aziýanyň köprüsi hökmünde çykyş edip, Demirgazyk-Günorta geçelgesindäki halkara söwda dolanyşygyny ösdürmekde mümkinçikleriniň köpdügi hakda belläp geçdiler. Milli flotyň gämileriniň bu geçelgede orun eýelemesi we daşalýan ýükleriň Türkmenbaşy halkara portunyň üstünden aýlanmasy muňa mysaldyr. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üstaşyr geçýän ýükler üçin port amallaryna 50% ýeňillikleriň hödürleýändigini hem bellemelidiris. Bu bolsa ulag gatnawynyň çykdajylarynyň azalmasyna eltýär.
Türkmen tarapy, foruma gatnaşmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Eýran bilen türkmenistanyň arasyndaky deňiz ulag gatnaşyklarynda täze sepgitlere ýetmek, ikitarapkaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, tejribe alyşmak we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek diýip belledi.