Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin göni wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty başlandy

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda baglaşylan bilelikdäki Meýilnamanyň çäklerinde, CILT Merkezi Aziýa birleşmesi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň goldawy bilen 2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda we 12-nji martynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly okuwlary gurnaýarlar. Bu okuw maslahatyna Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri gatnaşarlar.

16-njy fewralynda «Deňiz dolandyrylyşy we ýolbaşçylyk: ýük daşamakda gymmatlylyk döretmek» atly birinji okuwy geçirildi. Bu okuw maslahatyny Deňizde ýük daşamalary boýunça halkara bilermeni - Kiril Samaraý alyp bardy.

Okuwyň dowamynda bilermen gatnaşyjylara häzirki zaman portlarynyň işine iň uly täsir edýän deňiz logistikasynyň global tendensiýalary, deňiz dolandyryşy barada peýdaly bilimleri paýlaşdy, ýagny,  port dolandyryşynyň wezipesi we orny, amallary optimizirlemek we netijeliligi ýokarlandyrmak, deňiz ýüklerini birleşdirmegiň üpjünçilik zynjyryndaky amallary, deňiz ýük akymlaryny dolandyrmak we optimizasiýalaşdyrmak, ýakyn ýyllarda deňiz logistikasyny düýpgöter üýtgedip biljek innowasion tehnologiýalary barada umumy maglumatlary gürrüň berdi. Portlaryň durnukly ösüşini amala aşyrmakda haýsy häsiýetleriň we ýolbaşçylyk strategiýalarynyň has täsirli bolandygyny düşündirdi, mysal hökmünde dünýäniň beýleki iri portlarynyň tejribesinden hakyky wakalara we ýagdaýlara salgylandy.

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasyndaky çäreleriň bilelikdäki Meýilnamasy diňe bir türgenleşigi däl, eýsem köp sanly beýleki çäreleri hem öz içine alýar, şolaryň biri hem, Assosiasiýanyň hyzmatdaşlary bolan Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara Utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG), Merkezi Aziýada ýerleşýän Logistika we ulag institutynyň wekilçiligi (CILT Merkezi Aziýa) we  ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň bilen bilelikde guralan tegelek stoly we webinary muňa aýdyň mysaldyr.