16-njy fewralda paýtagtymyzdan Saud Arabystanyna «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçarynda amala aşyrylan uçuş Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan täze howa gatnawynyň başyny başlady. Häzire çenli bu ugur boýunça göni uçuşlar diňe watandaşlarymyzyň mukaddes Käbä, Mekge we Medine şäherlerine zyýarata gidip, haj parzyny berjaý etmekleri bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda amala aşyrylýardy. Indi bolsa Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan howa gatnawy yzygiderli amala aşyrylar.
Aşgabat — Jidda ugry boýunça uçuşyň petegi 4 322,50 ТМТ, Jidda — Aşgabat ugry boýunça petekleriň nyrhy bolsa 4 382,40 ТМТ barabardyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça täze howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy-da bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Aşgabatdan Milan (Italiýa) we Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine halkara howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.
maglumatyň çeşmesi: https://awtoulag.gov.tm