Türkmenistan we Halkara awtoulaglar birleşigi hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

BMG-niň Ženewa şäherindäki edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara awtoulaglar birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky wekilhanasy habar berýär.

Bellenişi ýaly, taraplar alnyp barylýan häzirki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçiliklerini, şeýle hem ozal baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Umberto de Pretto ozal hem birnäçe gezek dünýäniň ulag-logistika ulgamyna Türkmenistanyň uly goşant goşýandygyny belledi. Şunda ýurduň halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek we sanlylaşdyrmak abbatda durmuşa geçirýän işleri bellenilmäge mynasypdyr.


Maglumat çeşmesi: orient.tm