Geçen ýylyň 11 aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasy Müsüre bugdaý önümleriniň daşamagy degişli döwür bilen deňeşdirilende üç esse artdyrdy.
Bu, BMG-nyň Comtrade platformasyndaky maglumatlara esaslanan “РИА “Новости” habar beriş agentliginiň hasaplamalaryndan ugur alynan.
2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Müsür dünýä bazarynda 3,25 milliard ABŞ dollaryna deň bolan bugdaý satyn aldy, bu bolsa degişli döwrüň görkezijileri bilen deňeşdirilende 6% az bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurt bugdaý önümlerini satyn almak üçin jemi 5,5 milliard dollar sarp etdi, 2022-nji ýylyň degişli döwründe 5,9 milliard dollar sarp etdi.
Russiýa Müsüri bugdaý önümleri bilen iň uly üpjün ediji bolup, görkezilen möhletde 2,3 milliard amerikan dollaryna deň bolan bugdaý önümlerini daşap, geçen ýylyň degişli döwründe 1,7 milliard amerikan dollaryna deň bolan bu önümi daşady. Netijede, Russiýanyň Müsüre bugdaý daşamaklygynyň paýy 2022-nji ýylda 49 göterime, geçen ýyl bolsa 71 göterime çenli artdy.