“Hazar deňiz gämiçiligi kompaniýasy” ÝGPJ (ASCO) sargydy boýunça Baku gämi gurluşyk zawodynda Hazar deňzinde ilkinji gibrid hereketlendirijili suwa çümüji gämisi gurulýar.
ASCO metbugat gullugynyň başlygy Mehman Mehdiýewiň aýtmagyna görä, 5 tonna göterijilik ukyby bolan iki sany kran bilen enjamlaşdyrylmagy, gäminiň suwasty işleriň 60 metre çenli çuňlukda geçirilmegine mümkinçilik döreder.
Uzynlygy 53,6 metr, ini 16 metr boljak gämi häzirkizaman ekologiýanyň howsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýär. Onuň tizligi 12 uzel bolup, ýüzüş awtonomlylygy – 10 gün bolar.