“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna okuw sapagyny geçirdi

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony guramak hünäriniň talyplaryna “Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi” atly mowzugynda okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapagyň dowamynda Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, elektron senagatyny kämilleşdirmekde, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde alnyp barylýan netijeli işleri barada Agentligiň hünärmenleri tarapyndan gürrüň berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ähli taraplaýyn goldaw berilýär. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sanly maglumatlary peýdalanmagyň, öwrenmegiň hem-de saklamagyň başarnyklaryny ösdürmek, başlangyç elektron maglumat goruny döretmek we ony maglumatlar bilen yzygiderli baýlaşdyrmak, şeýle hem maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmak barada aýdylyp geçildi.

Şeýle geçirilýän çäreler hünärmenlerimize Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, ähli pudaklary innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmäge şertleri döreder.