Ýewropanyň uçar öndüriji kompaniýasy «Airbus» 2024-nji ýylda uçar önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolmagy maksat edinýär. Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli 800 uçary öndürip, müşderilere ýetirmegi göz öňünde tutýar. Öndüriljek uçarlaryň arasynda «Boeing»-iň «737 Max» howa gämisi bilen bäsdeşlik etjek «A320neo»-laryň hem bardygy bellenildi. Şeýle hem kompaniýa ýangyjy has tygşytly sarp edýän täze uçaryň taýýarlanmagynda hem öňegidişlik gazanylandygyny belledi. Kompaniýa geçen ýyl 735 uçary öndürip, müşderilerine ýetiripdir. Bu görkeziji meýilnamadan ýokary bolupdyr. «Airbus» Hindistandan we çalt depginler bilen ösýän beýleki ýurtlardan dar kabinaly, orta ululykdaky uçarlara islegiň ýokary bolmagy sebäpli geçen ýyl 2 müň 94 sargydyny kabul edipdir. «Boeing» kompaniýasy bolsa, 528 uçary müşderilerine ýetiripdir. Ýylyň dowamynda bolsa, 1 müň 576 uçar sargyt kabul edipdir.
Kompaniýanyň täze işläp taýýarlaýan ýangyjy tygşytly sarp edýän uçary bir koridorly bolar. 2030-njy ýyldan soňra öndürilip başlanjak uçarlaryň iň soňky tehnologiýaly howa gämileri hökmünde awiasiýa pudagyna mäkäm ornaşmagyna garaşylýar.