Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyran daşary ýurt saparlary we gepleşikleri, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan resmi saparyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň sammitine, BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmagyny öz içine alýan makalalar bilen açylýar.
Şeýle hem žurnalda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan daşary syýasaty, hususan-da, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna we Gazagystana ýokary derejeli halkara çärelerine gatnaşmak üçin amala aşyran saparlary barada giňişleýin maglumat berilýär.
Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary, ýakyn hyzmatdaşlyk edýän diplomatik akademiýalary we ýurduň durmuşyndan möhüm wakalary görkezýän täze bölümler ýerleşdirildi.
Žurnalyň “Türkmenistan dünýä metbugatynyň aýnasynda” bölüminde Türkmenistanyň durmuşynda möhüm wakalary we syýasy, diplomatik, ykdysady, jemgyýetçilik we hukuk ulgamlarynda, medeni we ynsanperwer ugurlarda uly üstünliklere bagyşlanan makalalara syn ýerleşdirildi.
Öňdebaryjy makalalaryň arasynda Koreýa Respublikasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli abraýly adamlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýä ýurtlary we guramalar bilen formatlaryň çäginde — Merkezi Aziýa – Koreýa forumy we Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygyny beýan edýän makalalar bar.
“Hyzmatdaşlyk” bölüminde ýurdumyzyň halkara guramalary, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we ş.m. bilen hyzmatdaşlygy barada makalalar ýetirilýär.
Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda, “Hünärmeniň teswirleri” atly täze bölümde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň gazananlaryna we geljegine bagyşlanan makala ýerleşdirilen.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Togan Oral, türkmen-türk gatnaşyklary mowzugyndan ýazan makalasynda hyzmatdaşlygyň ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine baha berýändigini aýtdy. Awtoryň makalasy "ilçi sütüni" atly täze bölümde ýerleşdirildi.
BAE Diplomatik Institutynyň wekili Asma al-Bluşi žurnal bilen geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryň barha giňeýändigini gürrüň bermek bilen, diplomatik ulgamdan bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen hünärmen we talyp alyş-çalyş etmek baradaky maksatnamalaryny giňişleýin tanyşdyrdy. Şonuň bilen birlikde “diplomatik institut” atly täze bölümde Ýewropanyň öňdebaryjy Wena Diplomatik Akademiýasynyň bilim beriş ugurlary we taryhy görkezilýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri lukmançylyk diplomatiýasydyr. Şu nukdaýnazardan žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy barada makala bar.
Žurnalyň esasy bölümi Türkmenistanda ýaşlar ýyly diýlip yglan edilen geçen 2023-nji ýylyň netijelerine bagyşlanýar. Makalanyň awtory, 2023-nji ýylda kabul edilen degişli strategiýanyň çäginde ýurduň daşary syýasaty we ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmekdäki orny barada gürrüň berýär.
Žurnalyň nobatdaky sany 2023-nji ýylyň dördünji çärýegindäki wakalary öz içine alýan “Hronika” bölüminde dürli derejedäki ýygnaklara, gepleşiklere, daşary işler ministrligara geňeşmelerine, şahsy we wideo arabaglanyşyk arkaly hökümetara komissiýalarynyň ýygnaklaryna gysgaça syn bermek arkaly tamamlanýar.