29-njy fewral – ýylyň “artykmaç” güni

Mälim bolşy ýaly, dört ýyldan bir gezek fewral aýy 28 däl-de, 29 günde tamamlanýar. Bu ýyllar beýleki ýyllardan bir gün artyk, ýagny 366 gün bol­ýar. Şol gün bolsa şu gün. Adat­ça bir ast­ro­no­mik ýyl 365,242 gü­ne ba­ra­bar. Alym­lar otu­ryň so­ňun­da­ky bö­le­gi te­ge­le­mek üçin se­ne­na­ma dü­zen­le­rin­de her dört ýyl­dan bir ar­tyk gün goý­ma­gy ma­kul bi­lip­dir­ler. Bu ýag­daý bir gün­de ýa-da aý­da däl-de, uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da gel­nen ne­ti­je­dir. Ge­piň gys­ga­sy, bu ýyl bir artykmaç gün bar. 29-njy few­ral­da dün­ýä inen­ler bolsa, dog­lan gün­le­ri­ni beý­le­ki adam­lar­dan has şow­hun­ly bel­le­se ge­rek. Sebäbi olar dost­la­ry­ny we do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­ny her ýyl­da dog­lan gün­le­ri­ne ça­gy­ryp bil­me­ýär­ler.

Dört ýyldan bir gezek gaýtalanýan hem bolsa 29-njy fewralda hem taryhda dürli wakalar bolupdyr. Şeýle hem diňe artyk günli ýylda bolýan wakalar hem bar. Şolaryň iň esasysy to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­dyr. Mälim bolşy ýaly, bu ýylky Olimpiýa oýunlary Pa­riž­de geçiriler. Häzire çenli diňe iki Olimpiýa oýunlary 365 günli ýylda geçirildi – 1986-njy hem-de 2020-nji ýyllardakysy, ýagny ilkinjisi we soňkusy. “1896 Summer Olympics” ýa-da “Athens 1896” ady bilen belli bolan ilkinji Olimpiýa oýnunyň geçirilen ýyly häzirki ulanylýan senenama görä, 366 günli bolmaly. Emma bu olimpiýadanyň geçirilen döwründe ýulian senenamasy ulanylýardy. Geçen asyryň başlarynda dünýäniň ähli ýerinde diýen ýaly ýulian we beýleki milli senenamalaryny ulanýan ýurtlaryň grigorian senenamasyna geçmegi bilen  dünýäde belli bir ülňi emele gelip, häzirki ulanýan senenamyz ulanylyp başlandy. Şeýlelikde, dört ýyldan bir gezek geçirilýän Olimpiýa oýunlary hem artykmaç günli ýyllara gabat geldi. 2020-nji ýylda geçirilmeli Olimpiýa oýunlary bolsa, bilşimiz ýaly pandemiýa sebäpli 2021-nji ýylda geçirilipdi.

29-njy few­ral­a gaýdyp gelsek, dünýäde diňe şu gün çykýan gazet hem bar. Dört ýyl­da bir ge­zek oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­ýän “La Bou­gie du Sa­pe­ur” fransuz gazetiniň il­kin­ji sa­ny 1980-nji ýylda çap edildi. Ga­zet 200 müň töweregi nus­ga­lyk­da çap edil­ýär. 2004-nji ýyl­dan baş­lap bol­sa 29-njy few­ra­lyň dynç gününe ga­bat gel­ýän gün­le­rin­de çyk­ýan ýöri­te sa­ny hem çy­kyp baş­la­dy. Bu bol­sa 28 ýyl­dan bir ge­zek gaý­ta­lan­ýar. Ýagny neşiriň indiki ýörite sany 2032-nji ýylyň 29-njy fewralynda çykar. Neşir Fransiýanyň daşynda Belgiýa, Şweýsariýa, Lýuksemburg we Kanada ýurtlarynda hem satylýar.