Transhazar ulag geçelgesi – sanly geljege tarap ädimler

2024-nji ýylyň 27-28-nji fewralynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri Tbilisi şäherinde geçirilen Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminaryna göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Seminara Transhazar ulag geçelgesiniň assosiasiýasynyň, sanly uglamynyň, TRAСEKA-nyň, döwlet edaralaryň wekilleri we degişli pudaklaryň bilermenleri gatnaşdylar.

Seminarda gatnaşyjy ýurtlar boýunça sanly ulgam başlangyçlarynyň özara arabaglanşygyny emele getirmek babatda täze pikirler öňe sürüldi. Esasan hem, seminaryň maksady dolandyryş we jogapkärçilik, ygtybarly maglumat alyş-çalyşygy we sanly geçelgäniň transformasiýasy üçin möhüm bolup durýan kadalaşdyryjy hukuk binýady emele getirmek ýaly möhüm strategiki ugurlar boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Seminaryň dowamynda sanly transformasiýanyň çylşyrymlylyklary we kynçylyklary, şeýle hem, sanly geljege tarap ägirt uly potensialy ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, her ýurtda sanly ulgam boýunça merkez döretmek we synag taslamalaryň mümkinçilikleri barada agzalyp geçildi.

Seminaryň ahyrynda, Transhazar ulag geçelgesiniň sanlylaşdyrylmagy babatynda gatnaşyjylaryň teklipleri özara paýlaşyldy.