Gazagystan täze gury ýer portuny gurmagy meýilleşdirýär.
Gury ýer porty Respublikanyň Kostanaý sebitiniň senagat zolagynda, Russiýa bilen serhetden uzak bolmadyk ýerde ýerleşer. Gazagystanyň demirýol geçelgelerine we awtoulag ýollaryna amatly girişi üpjün eder.
Logistika merkezi ýükleri gaýtadan işlemek we ýurduň içinde hem-de daşynda paýlamak üçin niýetlenendir. Onuň gurluşygy üçin maýa goýujylar 34 milliard tenge (76 million dollar) bölüp bererler.
Bu serişdeler portuň infrastrukturasyny we tehniki üpjünçiligini döretmek üçin ulanylar. Şeýle hem býujet serişdeleriniň hasabyna Telekeçiligi ösdürmek we infrastruktura gurluşygy gaznasy arkaly döwlet tarapyndan goldaw berilmegine garaşylýar.
2023-nji ýylda Gazagystan demirýol ulagy arkaly Russiýa ýükleriň eksportyny artdyrdy. Mundan başga-da, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň (ÝYB) çäklerinde Bileleşigiň bitewi üstaşyr ulgamyny döretmek barada Ylalaşyk işlenip düzülýär.