2024-nji ýylyň 5-nji martynda Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdylar.
Saparyň dowamynda Ýolagçy-parom terminalynyň mejlisler zalynda myhmanlara Türkmenbaşy halkara deňiz portyň enjamlary we tehnikalary, ýerine ýetirýän hyzmatlary we nyrhlary barada jikme-jik beýan edýän prezentasiýa görnüşli gürrüň berildi. Soňra myhmanlar her terminal bilen aýratyn tanyşyp, portuň mümkinçiliklerini we kuwwatlylygyny öwrendiler. Şeýle-de, myhmanlara üstaşyr ýükler üçin “gümrük düzgüni” tertibiniň artykmaçlyklary barada gürrüň berildi. Bu hyzmat portuň çäginde dürli ýükleri we harytlary gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär. Bu usul köp müşderler üçin amatly bolup, ýagny, gümrük resminamalaryny bellige almak we ýükleri daşamak üçin wagty we çykdajylary ep-esli azaldar.
Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentligi telekeçilige degişli bolmadyk gurama bolup, ol 1974-nji ýylda tehniki hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak arkaly beýleki ýurtlaryň ösüşini goldamak üçin döredilendir. JICA 160-dan gowrak ýurt bilen hyzmatdaşlyk edýär we bilim, saglyk, oba hojalygy, ulag, infrastruktura we başgalar ýaly dürli ugurlarda kömek berýär. Şeýle hem bu gurama adam resurslarynyň ösmegine we hyzmatdaş ýurtlarda demokratik institutlaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Bu gurama hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak arkaly Ýaponiýa bilen beýleki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýär.