Russiýanyň günortasynyň we Azow sebitiniň ösüşi baradaky ýygnagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow çykyş etdi. Onuň aýtmagyna görä, ýurduň günortasyna derýalaryň üsti bilen ýükleri daşamak üçin 100-e golaý täze ýük gämisi gerek bolýar. Bu barada Kreml portaly habar berýär.
“Biziň nukdaýnazarymyzdan, derýa ulaglaryň üsti bilen goşmaça haryt getirmek mümkinçiligi bar. Logistikany göz öňüne tutup, derýanyň üsti bilen bu sebite 13 million tonna ýük getirip boljakdygyna çaklaýarys. Derýa ulgamynyň potensialyny durmuşa geçirmek üçin deňagramly nyrh syýasaty, demirýollarynyň we suw ulaglarynyň utgaşykly nyrhlary gerek bolup, bu iki ulag görnüşine hem ýüküň görnüşine baglylykda ýüklenilmegi, olaryň arasyndaky deňzsizligi we gereksiz bäsdeşligiň bolmazlygy zerur bolup durýar” - diýip Reşetnikow belledi.
Ol, Ulag ministrliginiň indi Wolga-Don kanalynyň we Wolga-Kama basseýniniň gidrawliki desgalary üçin birnäçe çäreleri meýilleşdirýändigini, ýük daşamak üçin 100-e golaý ýük gämisini hem gurmagyň zerurdygyny belledi.