Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy - ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda wideo aragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Wideo konferensiýanyň dowamynda ADA uniwersitetiniň rektory Fariz Ismailzade, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň prorektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow we Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etdi.
“Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ylym we bilim pudagyndaky bilelikdäki işleriň ileri tutulýandygy bellenildi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. ADA uniwersiteti bilen Halkara gatnaşyklar institutynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek Ähtnamasynyň ähmiýeti bellendi” diýip, - Azerbaýjanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň web sahypasynda aýdylýar.
Taraplaryň özara saparlaryny guramak, bilelikdäki ylmy we amaly maslahatlary, leksiýalary, mugallymlary we talyplary alyş-çalyş etmek we makalalaryň çap edilmegi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary bellendi. Duşuşygyň netijesi, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary diplomatik okuw mekdepleriniň arasynda özara gatnaşyklar üçin ýol kartasyny düzmek baradaky ylalaşyk boldy.
Doganlyk ýurtlaryň iki abraýly bilim edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilim pudagynda möhüm sepgit bolup, döwletara we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Bakuwdaky ADA uniwersiteti, 2014-nji ýylda Azerbaýjan Diplomatik akademiýasy bilen Maglumat tehnologiýalary uniwersitetiniň birleşmegi arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Karary bilen döredildi.