Eýran Hazar deňziniň üsti bilen eksport ýük daşamagyň mukdaryny 20% ýokarlandyrdy

Eýran, häzirki Eýran senenama boýunça ýylynyň ilkinji 11 aýynda (2023-nji ýylyň 21-nji marty - 2024-nji ýylyň 19-njy fewraly) Hazar deňziniň kenarýaka döwletlerine takmynan 1,58 milliard dollar möçberinde haryt eksport etdi.

“Khazar Shipping Company” – nyň dolandyryjysy Kambiz Jahanbaniniň aýtmagyna görä, Eýranyň demirgazygyndaky deňizde ýük daşamalary bilen meşgullanýan kompaniýalaryň bellenen döwürde Hazar deňziniň üsti bilen eksportyň 30 göterimini oba hojalygy önümleri emele getirdi.

Şeýle hem, Kambiz Jahanbani, deňiz arkaly eksport etmegiň bahasynyň gury ýerden 40% pesdigini belläp, “Khazar” gämiçilik kompaniýasynyň Eýranyň demirgazyk welaýatlarynyň oba hojalyk önümleriniň 30 göterimini Hazaryň üsti bilen eksport etmäge taýýardygyny belledi. Ol kompaniýada umumy kuwwaty 120 müň tonna bolan, 30 sany gämileriniň işleýändigi barada aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, eger-de, eksport edijiler ýüklerini deňiz üsti bilen ugratmana taýýar bolsalar, “Khazar” gämiçilik kompaniýasy 500 sany sowadyjy konteýnerler bilen enjamlaşdyrylan konteýner daşaýjy gämileriniň sanyny 6 aýdan bir ýyla çenli möhletde artdyryp biler we ýylda 3000 konteýner ýa-da 65 müň tonna daşap biler – diýip “Eýran.ru” habar beriş gullugy habar berýär.